Zemm şäheri

14 Awgust 2024
643

Jeýhun boýlarynda halkymyzyň şöhratly geçmişine şaýat bolan gadymy şäherleriň, galalaryň ençemesi bar. At-owazasy äleme dolan taryhy mekanlar dogrusynda gürrüň gozgalanda, gadymy Zemm şäheri hem ýatlanylýar. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, ösen medeniýetli şäher bolupdyr.

Gadymy Zemm ýadygärligi häzirki Kerki şäheriniň gündogarynda, Amyderýanyň kenarynda ýerleşýär. Bu orta asyr şäheri baradaky ýatlamalara biz arap serkerdesi Küteýbanyň Amyderýanyň güzerinden geçişi bilen bagly ýazuw çeşmelerinde duş gelýäris. X asyra degişli çeşmelerde Amyderýa joşan wagtynda suwunyň Zemm şäheriniň merkezine çenli ýetýändigi barada aýdylýar. Beýleki arap syýahatçysy Al-Ýakuby Beýik Ýüpek ýolunyň şahalarynyň Merweruddan Balha, ondan soň bolsa Zemm şäherine barýandygyny ýazýar. X asyr arap syýahatçysy Al-Makdisiniň ýazgylarynda bolsa: «Zemm derýanyň kenaryndaky uly şäher, onuň bazarynyň merkezinde Juma metjidi ýerleşýär, howlusy eýwan bilen gurşalan, suwy bolsa Jeýhundan alýar» diýlip bellenilýär.

Azyzgeldi SULTANOW,
Seýitnazar Seýdi adyndady Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy-öwrenijisi.