MERKEZI AZIÝA: SEBITIŇ YKBALY MAKSATLARYŇ BIRLIGINDE

13 Awgust 2024
183

ýa-da Astana sammitiniň netijeleri barada

Geçen ýylyň awgustynda merkezi aziýaly žurnalistler bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okuw saparynda bolupdyk. Özara söhbetlerde gazagystanly kärdeşlerimiziň biri gazak halkynda «dostluk» diýen düşünjä aýratyn gadyr goýulýandygyny, dostlugyňam «žandostyk», «tamyr» ýaly görnüşleriniň tapawutlandyrylýandygyny aýdyp, olaryň manylary barada gürrüň berdi. Şonda «ýürekdeş dostluk», «doganlaşmak» ýaly manylary aňladýan bu sözler, göýä, asyrlarboýy gadyrly gatnaşykda bolup, birek-birek bilen hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamagyny dowam etdirýän biziň sebitimiziň halklaryna degişli ýaly bolup eşidilipdi. Hut ýürekdeşlik, dost-doganlyk ýaly gymmatlyklaryň döwletleriň Liderleri derejesinde ileri tutulmagy, olara döwletara hyzmatdaşlygyň mizemez binýady hökmünde garalmagy-da häzirki barha çylşyrymlaşýan dünýäde Merkezi Aziýa «bäşligine» özboluşlylygyny, özygtyýarlylygyny saklap galmaga, bilelikdäki ösüşiň uzak möhletleýin çelgilerini kesgitlemäge ýardam edýär. Bu hakykat 9-njy awgustda Astanada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynda ýene bir ýola aýdyň ýüze çykdy.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».