Ulus-iliň kyblasy

12 Awgust 2024
118

Ömrüň uzynlygy ýaşalan ýaşlar bilen, onuň many-mazmuny bolsa il-gün üçin bitirilen haýyrly işler bilen ölçenilýär. Watana, halka bagyşlanan ömürler milletiň ykbalyna gatylyp-garylyp, geljege uzaýar. Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atasy, ilhalar ynsan, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýoly hakynda söz açylanda, ine, şu hakykat bilen ýene bir gezek ýüzbe-ýüz bolýarsyň.

Gorkut atadan bize şeýle pent galypdyr: «Ene haky Taňry hakydyr. Ata haky Taňry hakydyr. Patyşa haky Taňry hakydyr». Diýmek, halkymyz Ýer ýüzünde Taňrynyň hakyny diňe şu üç ynsana rowa görüpdir. Munda türkmen ruhunyň ümmülmez giňişlikleri açylýar, heňňamlaryň mizemez hakykaty ör-boýuna galýar. Türkmeniň «Ene toprak, ata Watan», «Käbäm enem, kyblam atam» diýen sözleri bolsa bu keremli topraga, dogduk Diýara söýginiň, mukaddesliklere ynanç-ygtykadyň hut ene-ata ezizligi bilen bir bitewülige öwrülmesidir.

«Arkadag»