Ady Arkadag şäherinde

12 Awgust 2024
117

Arkadag şäherini binalarydyr desgalary bilen birlikde döwrebap köçelerdir giň şaýollar bezeýär. Şeýle şaýollaryň biri hem Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän şaýoldur. Ol «akylly» şäheriň esasy şaýollarynyň biri. Munuň şeýledigine şu maglumatlara göz aýlanyňda-da göz ýetirse bolýar.

Ajaýyp gözellige eýe bolan şaýoly seýilgäh-dynç alyş zolaklary, Arkadag şäheriniň «Türkmenistan», «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banklarynyň, «Halkbank», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň, Oba hojalyk toplumynyň, Aragatnaşyk müdirliginiň, Gurluşyk toplumynyň, Saglygy goraýyş müdirliginiň, Söwda toplumynyň, Maliýe we bank toplumynyň, Merkezi bankynyň döwrebap binalary bezeýär. Bu şaýoluň golaýynda «akylly» şäheriň merkezi hasaplanýan Arkadag şäheriniň häkimliginiň binasy, Jemgyýetçilik toplumynyň we Medeniýet toplumynyň binalary ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atasy, Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän bu giň şaýol Watanyň wepaly ogly, tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrülen beýik şahsyýetiň her bir türkmenistanlynyň, her bir Arkadaglynyň ýüreginde hemişe ýaşajakdygyny alamatlandyrýar. Şeýle ajaýyp ýoluň nusgalyk ynsan Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny götermegi biziň üçin egsilmejek buýsançdyr.

«Arkadag»