Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýada ulag ulgamyny ösdürmäge çagyrdy

12 Awgust 2024
113

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda ýakyndan we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmagyň sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygy barada aýtdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, şunda ulag we kommunikasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyga esasy orun degişlidir. Häzirki günde bu ulgam depginli ösýär, bäsdeşlik artýar, Ýewraziýada täze ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň pikirine görä, geografik, logistika we beýleki artykmaçlyklary ulanmak arkaly, sebitiň bu işlere öz wagtynda hem-de netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek Merkezi Aziýa döwletleriniň iň ýakyn geljekde umumy wezipesi bolmalydyr.