Peder ýoly dowamat

9 Awgust 2024
137

Ýodalar ýola, ýollar şaýollara öwrülip, ile ýetirýär. Döwletli-döwranly şeýle iliň arasynda öndüren-ösdürenlerinden ýalkanýan adam bakylyga öwrülýär. Sebäbi şeýle «şirin dilli ussatlaryň» — perzentlerine nusgalyk görelde görkezen ynsanlaryň ömürleri dowamata sapýar. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň pederi, hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly aga hem watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezip, nesilleriň görelde mekdebine öwrüldi.

Ýagşyny ýaran edinmek edähedi türkmeniň ganynda bar. Atalaryny başyna täç edinýän, olaryň iýmek, geýmek, ýaşamak mynasybetlerine özlerini jogapkär saýýan ogullar, ene-mamalarynyň halal ýol-ýörelgelerini dowam edýän gyz maşgalalar diňe bir öz aňyrlaryny däl-de, eýsem, tutuş milleti bagtyýarlyga eltýär. Pederleriň taryhyň gatlaryna siňen şöhratyndan gürrüň açylsa, türkmeniň ady, aňyrdan gelýän bady, beýik işleri, ilhalar, ynsanperwer ýörelgeleri ör-boýuna galýar. Biz ony Keý-Kowsuň sargytlaryndan, goja Jygalybegiň öwütlerinden, Görogly begiň watanperwerliginden, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan tapyp bilýäris. Türkmençilik ýolunda ýagşylyk etmek, Watany jan-tenden söýmek, ata-enäni hormatlamak, perzentlerimizi ezizlemek ýokary netije saýylýar. Il bilen toý toýlamak, ýürek arzuwlaryňy paýlaşmak, bir döwüm çöregiňi ikä bölüp, agzybirlik etmek, ýykylany galdyryp, aglany güldürmek sogapdyr.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».