Wagyz-nesihat çäresi

9 Awgust 2024
137

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň guramagynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, lukmanlaryň gatnaşmagynda oba ýaşaýjylary bilen duşuşyklar geçirildi. Şol duşuşyklaryň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgesi, ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagy, sport bilen meşgullanmaklary barada giňişleýin söhbet edildi. Çärelere gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzyň bedew bady bilen öňe barýandygy, medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň gurlup ulanmaga berilýändigi, bularyň ählisiniň ýurdumyzda  adam hakyndaky aladanyň bimöçberdigini görkezýändigi barada buýsanç bilen nygtadylar.

Duşuşyklara gatnaşanlar halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

Resul Atajanow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň başlygy.