Azyk howp­suz­ly­gy üçin çöz­güt

9 Awgust 2024
58

Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di Nýu-De­li­de oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça yk­dy­sat­çy­la­ryň hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ny açyp, azyk howp­suz­ly­gy ba­bat­da öň bü­tin dün­ýä­de ala­da dö­re­dip ge­len Hin­dis­ta­nyň in­di äh­lu­mu­my azyk we iý­mit howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­ra­da çöz­güt­le­ri tek­lip edip bil­ýän ýur­da öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di. Mo­di Hin­dis­ta­nyň şu­nuň ýa­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ny soň­ky ge­zek 65 ýyl mun­dan öň ge­çi­ren­di­gi­ni ýat­lap geç­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, şol dö­wür­de Res­pub­li­ka azyk we oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da kyn gün­le­ri baş­dan ge­çir­ýän tä­ze ga­raş­syz ýurt­dy.

– Bu gün Hin­dis­tan azyk ha­ryt­la­ry­ny bol ön­dür­ýän döw­let bo­lup, ýur­du­myz süýt, kö­sük­li önüm­ler, dä­ne, mi­we, gök-bak­ja, pag­ta, şe­ker, çaý, ba­lyk önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça dün­ýä­de ikin­ji orun­da dur­ýar – di­ýip, Mo­di nyg­ta­dy. Ol öz ýur­du­nyň azyk ul­ga­my­ny üýt­ge­dip gur­mak­da­ky tej­ri­be­si­niň äh­lu­mu­my Gü­nor­ta üçin bäh­bit­li bol­jak­dy­gy­na umyt bil­dir­di.