Halkyň medeniýeti asyrlaryň dowamynda kemala gelýär hem-de onuň durmuşynyň ähli ugurlarynda şöhlelenýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okanyňda ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň ähmiýetli mazmuny has giňden açylýar. Şonuň üçin hem türkmen medeniýeti diýlende, Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi öňüňde açylýar hem-de milli medeniýetimiziň gymmatlygyna öwrülýär. Umuman, halkymyzyň ylmy we medeniýeti Magtymguly Pyragynyň şahsyýeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi milli medeniýetiň we ylmyň gözbaşlaryny, onuň dowamyny şahyryň döredijiliginde görmek bolýar.
«Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda: «Adamzat tarapyndan döredilen we döredilýän, şahsyýetiň sazlaşykly ösdürilmegine, watançylygy terbiýelemäge, ýokary ahlaklylyk we ruhy-ahlaklylyk häsiýetlerini kemala getirmäge, Türkmenistanyň raýatlarynyň estetiki talaplaryny we bähbitlerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen maddy we ruhy gymmatlyklaryň jemidir» diýlip beýan edilýär.