Ýangyn howpsuzlyk düzgünleri

9 Awgust 2024
91

Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy raýatlary ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmäge çagyryp, bu ugurda öz maslahatlaryny berýär.

Elektrik tok geçirijileri daşky örtügi zaýalanan görnüşinde ulanmak, simleriň sütünleri birikdirilende, olary ýönekeý usulda sarap goýmak, elektrik geçirijileriň, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, ýagtylandyryjy çyralaryň daşyna ýanyjy materiallary örtmek ýa-da golaýynda saklamak, elektrik setini çendenaşa artyk işletmek, ütügi, elektrik çäýnegidir nahar gyzdyryjylary aşagyna oda durnukly materiallary goýmazdan ulanmak howpludyr. Elektrik enjamlaryny gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmen tarapyndan amala aşyrylmalydyr. Enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderli gözegçilik ýola goýulmaly, birikdirijileriniň elektrik togy garşylyklaýyn geçip gyzmagynyň öňüni almak üçin olaryň öýjükleriniň berk gysylyp durmagy üpjün edilmeli. Enjamlaryň elektrik togunda näsazlyklar dörän ýagdaýynda awtomatik ýagdaýda öçmegini üpjün edýän goraýjylar oturdylmaly.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.