Adam hukuklarynyň dabaralanmagy

7 Awgust 2024
91

Esasy Kanunymyzyň girişiniň: «Biz, Türkmenistanyň halky...» diýen sözler bilen başlanmagy Konstitusiýanyň halkyň adyndan kabul edilýänliginiň beýanydyr. Sebäbi tutuş döwlet, onuň ýerleşýän çägi, ýerasty we ýerüsti baýlyklary, medeni-taryhy ýadygärlikleri bütin halkyň eýeçiligine degişli bolup durýar. Döwletiň döremeginiň özi hem halkyň erk-ygtyýary bilen baglanyşyklydyr.

Hut şonuň üçin hem döwlet islendik syýasy hereketi amala aşyranda, islendik kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edende halkyň adyndan çykyş edýär hem-de onuň ähli işi diňe halkyň bähbidine gönükdirilýär.

Bagtyýar GURBANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.