«Döwlet guşunda» Pyragynyň keşbi

7 Awgust 2024
136

Milli Liderimiziň «Döwlet guşy» romanynda özüniň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ömrüniň diňe bir ýarym ýylyny — urşa giden kakasyndan maşgala garamatyny gerdenine alyp, ol ýüki entek çagadygyna garamazdan, merdi-merdanalyk bilen çeken döwrüni suratlandyrýar.

Romanda türkmeniň buýsanjy Magtymguly Pyragynyň beýik şygyrlarynyň — ölmez-öçmez ruhy bilen ýaş Mälikgulynyň ýüregine medet, penakär, söýenç bolşy, ýaşdygyna garamazdan, garadangaýtmaz, merdana Mälikgulynyň bolsa özüniň agramly sözleri, juwan kalbyndan çykýan şygyrlary, arassa ýüregi, gara güýji bilen il-gününe hemaýatkär, goldaw bolandygy baradaky hakykat açylyp görkezilýär.

Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA,
Daşoguz şäher prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.