Gojaman Hazar: dostluk, parahatçylyk söýüjilik deňzi

7 Awgust 2024
68

12-nji awgust — Hazar deňziniň güni

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen, baý döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara hukugynyň deňhukukly subýekti we BMG-niň doly hukukly agzasy hökmünde möhüm halkara tebigaty goraýyş ylalaşyklarynyň işjeň gatnaşyjysy hökmünde giňden tanalýar. Olaryň hatarynda Biologik dürlülik hakyndaky Konwensiýa we Kartahen teswirnamasy, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasy, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy we beýlekiler bar. Şeýle-de, Türkmenistan Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň, onuň Monreal teswirnamasynyň, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna gözegçilik etmek hakyndaky Bazel konwensiýasynyň, Maglumatlaryň elýeterliligi hakyndaky Orhus konwensiýasynyň, Suwly-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar konwensiýasynyň gatnaşyjysy bolup durýar. Biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleri bilen we Merkezi Aziýa sebitinde daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Munuň şeýledigine Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Tähran Çarçuwaly konwensiýasy we Durnukly ösüş boýunça Aşgabat Çarçuwaly konwensiýasy şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Hazaryň ylalaşyk hem hyzmatdaşlyk deňzine öwrülmegi baradaky garaýşy hem dünýä nusgalykdyr. Bu ugurda ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, milli we umumy gyzyklanmalaryň deňeçerliginde deňhukukly özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty işjeň durmuşa geçirýär. Türkmenistan özüniň milli bähbitlerine esaslanyp, şeýle hem halkara hukugynyň kabul edilen kadalaryndan ugur alyp, Hazar meselesini çözmekde turuwbaşdan Hazarýaka döwletleriniň özygtyýarly hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek hem-de olar üçin makul boljak çözgütleri gözlemek ugruna esaslandy.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.