Eziz Watanymyzyň bagtly nesilleri

7 Awgust 2024
115

Ata-babalarymyzyň uzak döwrüň dowamynda kämilleşen baý many-mazmunly paýhasly pentlerini, ýörelgelerini, däp-dessurlaryny özünde jemleýän milli terbiýeçilik mekdebi ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär. Mertlik, merdanalyk ýaly duýgular parasatlylyk, paýhaslylyk, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler bilen utgaşyp, hakyky türkmen häsiýetini ýüze çykarýar. Türkmen perzendiniň edep-terbiýesiniň gönezliginde müňýyllyklaryň taryhyndan aşan asylly häsiýetlerimiziň bardygyny aýtmak zerur bolup durýar. Ýagny Orta asyrlarda atabeglik mekdebinde terbiýelenen ýigitler döwrüň at-abraýly serkerdesi bolup ýetişipdirler. Öz döwründe jemgyýetde ahlak we ruhy kämilligiň berkemegine uly täsir edişi ýaly, biziň bagtyýar zamanamyzda hem durmuş ýörelgesiniň çyragyna öwrülen milli gymmatlyklarymyzyň gözbaşy arassa ruhy çeşme bolup hyzmat edýär.

Mälim bolşy ýaly, ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Adamlaryň özara paýhasly aragatnaşykda bolmagy we jemgyýete peýdaly işe işjeň gatnaşmaklary, ýaşlarda asylly sypatlary kemala getirmek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalary we ýörelgeleri bolup durýar.

Maksat JANMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.