Goňşy bagyň miwesi

7 Awgust 2024
149

Ýaş wagtlarym irden oýanardym-da, ejem bilen malkepbä sary ýola düşerdim. Günde gaýtalanýan ýagdaýdy. Häsiýeti gowudy welin, ejem sagyp bolýança, öňünde gölesini dikgerdip goýmasaň, süýtli sygrymyz teý durmazdy. Haýwan diýjeksiň welin, emma ki olam ene-dä! Onsoň niçikmi sygyr, gölesini ýalap durandyr. Arasynda yzyna gaňrylyp, ejeme-de birlaý göz aýlanam bolýardy.

Saglan süýdi süzgüçde süzen ejem, soňra ony gazana guýar-da, teýine ot ýakar welin, ana, şondan soň burnuňy gyjyndyrýan üýtgeşik ys töwerege kükär. Bişen süýtden bir şakäsänem mazaly dolduryp, öňüňe äberer. Onsoň bäş-on gezek owurtlap süýdi egsersiň. Soňra iki eliň ýüzi ýaly çöregem bölägetdin, içine dograrsyň. Çörek süýdi özüne çeker. Üstesine-de süýde ezilen çörek çişip, şakäseden çykaýarly görüner. Eňegiňi galdyrman çaga işdämenligiň bilen bir çetinden gädip ugrarsyňam welin, nädip şakäsäniň düýbüne ýeteniňi duýubilseň, duý-da! Päheý-de welin, agyz suwjartmak niýetim ýok, yzyny köp nokat bilen jemläýerin...

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Esger».