Belent maksatlar rowaç alýar

7 Awgust 2024
114

Ýeňişli menzilleriň guwanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde tutumly işleriň gerimi giňäp, belent maksatlar rowaç alýar. Ýurdumyzy syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde sazlaşykly ösdürmekde ynamly gadamlaryň bady artýar. Şol bir wagtda döwletimiziň halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň giň möçberli işlerde durmuşa geçirilýändigini doly aýdyň edýär. Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýeňişli sepgitleri guwanç duýgusyny döredýär. Geçen aýyň başynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, üstümizdäki ýylyň alty aýynyň jemlerine seljerme berdi. Şu ýylyň birinji ýarymynyň görkezijilerinden görnüşi ýaly, ýurdumyz durmuş-ykdysady babatda sazlaşykly ösdürilýär. Diýarymyzyň çar künjeginde dürli kuwwatlykly önümçilik kärhanalarynyň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Durmuş-medeni maksatly ymaratlardyr desgalaryň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Mekdepleriň we çagalar baglarynyň döwrebap, owadan binalarynyň gurluşygyna-da uly üns berlip, bu babatda bitirilýän işler il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär.