Sarpaly sen, sylagly sen, Watanym!

7 Awgust 2024
102

Biziň Garaşsyzlyk alyp galkynan, hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolup dünýä dolan eziz Watanymyz bar. Şeýle ajaýyp Diýarda ýaşamak, döretmek, gurmak biziň her birimiz üçin çuňňur buýsançdyr. Şol belent buýsanç bilen zähmet çekilýän ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolunýar. Bu bolsa halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär.

Şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygaryna beslenmegi bolsa, has hem ýokary zähmet joşgunyny döredýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň ýetip gelýän şanly baýramçylygyna sowgatly barmak hemmeleriň belent borjuna öwrüldi. Häzirki günlerde çekilýän joşgunly zähmet munuň dogrudan hem şeýledigine şaýatlyk edýär.