Wajyp meseläniň çözgüdi

7 Awgust 2024
85

Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň ýollarynyň ak ýollar bolmagyny gazanmagy hemişe üns merkezinde saklap, bu mesele bilen bagly möhüm wezipeleri öňde goýýar. Çünki, köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyny üpjün etmek ömrümiziň rahatlygyny, maşgalalarymyzyň abadanlygyny kepillendirýär. Aslynda, köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy hemmeleriň aladasy bolmalydyr.

Bu ählihalk işine döwlet Baştutanymyz iňňän uly ähmiýet berip, ýurdumyzyň ýollarynda ýol-ulag hadysalaryny aradan aýyrmak bilen bagly işlere badalga berýär. Mysal üçin, her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk ählihalk işine öwrülýär we il-günümiziň uly goldawyna eýe bolýar. Bu çäräniň maksady bolsa, köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyny üpjün edip, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny gazanmakdan ybaratdyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da döwlet derejesinde geçiriljek ählihalk çärelerine biziň etrabymyzda-da ykjam taýýarlyk görülýär. Çünki, ak ýollarymyz ömrümiziň rahatlygy, maşgalalarymyzyň abadanlygy bilen berk baglanyşyklydyr.