Il bähbitli beýik tutumlar

7 Awgust 2024
112

Binýady berkden tutulan baky berkarar döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallalary bilen «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurulýan Arkadag şäheri gojaman Köpetdagyň eteginde halkymyzyň baý taryhly we gözel tebigatly künjegine özboluşly gözellik nuruny çaýýar. Bu şäher Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp sungat eseri bolup, akylyňy haýran edýär.

Özboluşly şähergurluşyk-binagärlik keşbine eýe bolan Arkadag şäherinde eşretli durmuşda sagdyn ýaşamak, döredijilikli işlemek, medeniýetli dynç almak, okamak, öwrenmek üçin ähli amatlyklaryň bolmagy ony baky bagtyň şäheri diýip atlandyrmaga doly esas berýär. Bu ýerde dünýä ülňülerine laýyk gurlup, iň döwrebap sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklary, medeniýet we saglygy goraýyş edaralary, sport desgalary, ýaşamak üçin amatly, giň otagly ýaşaýyş jaýlary... halk üçin bitirilýän işleriň giň gerimlidiginiň aýdyň nusgasydyr.

«Balkan».