Ene hüwdüsi — ajaýyp aýdym

7 Awgust 2024
90

Ene hüwdüsi! Ol enäniň ak süýt ýaly päk ýüreginden dömüp, syzylyp çykýan mähir söýgüsidir, mähriban ynsanyň döreden ajaýyp aýdymydyr. Ene hüwdüsine üýtgeşik bir gudrat diýsegem, öte geçdigimiz bolmaz. Ene hüwdüsi enelerimiziň mähir-muhabbetinden, perzendine bolan ýürek söýgüsinden dörän zemin gözelligidir. Eneler hüwdiniň üsti bilen perzendini diňe ýatyrmak ýa-da güýmemek bilen çäklenmän, eýsem, söýgüsini, arzuwyny hüwdä siňdirip, edep-terbiýe berýär.

Her bir maşgalada nesil terbiýesiniň gözbaşy öý-ojakdan başlanyp, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk ýaly ynsana mahsus ajaýyp häsiýetler we endikler kemala gelýär. Mähriban enelerimiziň kalplaryndan çykýan hüwdüler bolsa çaga terbiýesinde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ol enäniň ýüreginde beslän päk arzuw-umytlarynyň owazy bolup, çaganyň kalbyna nur çaýýar. Her bir ene öz çagasyny hüwdülände, onuň akylly, edep-terbiýeli, il-halkyna, Watanyna wepaly bolup ýetişmegini arzuwlap, şol arzuwlaryny hem hüwdüsine siňdirýär. Ene-mamalarymyzyň öz perzendine bolan mähir duýgularyna ýugrulan hüwdülerde öňe sürülýän öwüt-ündewleriň, isleg-arzuwlaryň netijesinde edermen, gaýratly, watançy ýigitler, asylly, edep-ekramly, çeper elli, maşgala ojagyna, söwer ýarlaryna wepaly gyzlar ýetişýärler.

Amangözel EŞEROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.