Döwletlilik ýörelgeleri dabaralanýar

6 Awgust 2024
121

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini hem-de Watanymyzyň taryhy ösüşlerini ilatyň arasynda wagyz etmekde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan guralýan meýilnamalaýyn çäreleriň orny uludyr. Şu günler etraplarda geçirilýän «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklerde, duşuşyklardyr maslahatlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Kararyndan gelip çykýan wezipeler, Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti dogrusynda aýratyn durlup geçilýär.

Halk Maslahaty türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň dowamat-dowam bolýandygynyň dabaralanmasydyr. Ol ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemleýär. Halkymyz hemişe ýaşuly nesle aýratyn hormat bilen garap, il-ýurt bähbitli işlerde olaryň baý durmuş tejribesine daýanypdyr we maslahatly çözgütleri kabul edipdir. Täze taryhy döwrümizde hem döwletiň durmuşyndaky wajyp meseleler jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri, şol sanda ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşyp çözülýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köp asyrlyk tejribesine berk eýerilýändiginiň subutnamasydyr.

Akgözel HOJALIÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.