Çakyzalynyň çaklamasy (Hekaýa)

6 Awgust 2024
140

Ir döwürler adamlar ýyldyzlaryň hereketine, Aý-Günüň dogup, ýaşyşyna syn edip, ertir howanyň nähili boljakdygyny bilipdirler. Bu barada eşide-eşide gananam bolsak, obamyzyň gan basyşy ýokary bolan käbir ýaşaýjylarynyň arasynda-da howanyň ýagdaýyny öňünden bilýänleriniň bardygy käte-käteler gulagymyza degerdi. «Pylanynyň-a şu gün çakyzasy tutupdyr» diýildigi, onsoň howanyň üýtgärine garaşybermelidi. Şeýle adamlaryň biri-de, öýümize iň golaý ýerde ýaşaýan uzak ýaşly Akmeňli ejedi. Ol aram-aram «Häk, şu çakyzaly bolmadyk bolsam, kelläm dagy tut ýaly bolup, agyry golaýyma gelmezdi» diýip, başyny ýaýkardy.

Şeýle günleriň birinde mekdepde tebigaty öwreniş dersinde sapak geçip otyrkak, mugallym:

Aýnabat ATAÝEWA.