Hoşniýetli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

6 Awgust 2024
261

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýär. Şunda halklaryň arasyndaky dost-doganlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky halklaryň bähbidine gönükdirilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklardyr geňeşmeleriň netijeli boljakdygyna we iki ýurduň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

«Mugallymlar gazeti».