Türkmen halkynyň asylly ýörelgesi

6 Awgust 2024
261

Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri uly işiň başyny tutanda ýaşulular bilen maslahatlaşyp, köpi gören adamlar bilen geňeş edipdir. Ata-babalarymyzyň bir supranyň başyna jemlenip, maslahat etmek esasy ýörelgeleri bolupdyr. Pederlerimizden miras galan şeýle asylly ýörelgeler häzirki ajaýyp zamanamyzda hem dowam etdirilýär. Demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt bähbitli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi halkyň bähbidiniň ileri tutulmagyny üpjün edýär.

Abdulla ABAMOW,
«Türkmendemirýoltaslama» düzüş-agtaryş institutynyň direktorynyň orunbasary, Aşgabat şäher Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasary.