«Çeleken şemaly» romanynyň awtory

6 Awgust 2024
122

Dört-bäş ýyllykda geolog Çary Pürliýew hakynda makala ýazanymda, maşgalasy Bike daýza: «Çarynyň geolog hünärini saýlamagyna ýazyjy agasy Bekge Pürliýewiň nebitçileriň durmuşyndan ýazan «Çeleken şemaly» atly romany sebäp boldy. Ol: «Agamyň nebitçileriň arasynda ýaşap, olaryň ýeňil bolmadyk, ýöne juda gyzykly iş pursatlary hakynda aýdan täsirli gürrüňleri geolog hünärine höwes döretdi» diýerdi. Kitap tekjämizde duran şol kitaby gaýta-gaýta okardy. Gaýynagam Bekge Pürliýewiň nebitçileriň iş pursatlary bilen bagly aýdan gürrüňlerini kän ýatlardy» diýip, gürrüň berdi. Öz ýanymdan: «Irde-giçde ýazyjy Bekge Pürliýew hakynda-da makala ýazaryn» diýip ýördüm.

Türkmen edebiýatynyň zehinli ýazyjylarynyň biri, prozaçy hem-de dramaturgy, öz döwründe SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzasy, TSSR Ýazyjylar birleşiginiň derňew toparynyň agzasy bolan ýazyjy Bekge Pürliýew bary-ýogy 52 ýaşapdyr. Ol 1919-njy ýylyň 17-nji maýynda Mary etrabynyň Goňur obasynda doglan, 1971-nji ýylyň 22-nji martynda-da tarpa-taýyn aradan çykýar, emma şol gysga ömründe halkymyzyň öňünde uly işler bitirip, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşýar.

Akgül SAPAROWA,
«Nebit-gaz».