Bagtyýar çagalaryň dynç alşy dowam edýär

6 Awgust 2024
93

Güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu ýylky tomus paslynda nebitgaz toplumynyň düzümlerinde zähmet çekýän raýatlarymyzyň çagalary «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gökdere jülgesindäki «Çeşme», «Nebitçi», «Nesil», «Şöhle», «Türkmennebit» döwlet konserniniň Hazar şäherindäki «Gara altyn», Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Arzuw» dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde talabalaýyk dynç alýarlar we wagtyny netijeli geçirýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomus pasly Garaşsyz ýurdumyzyň çagalarynda ýatdan çykmajak ýatlamalar bilen uly täsir galdyrýar. Ýeňillikli ýollanmalar bilen üpjün edilen çagalaryň we ýetginjekleriň müňlerçesiniň şatlykly sesi, aýdym-sazyň owazy ähli merkezlerde ýaňlanyp dur.

Umumybilim berýän orta mekdep okuwçylarynyň hyzmatyndaky «Nesil» ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň höwes bilen gelýän söýgüli dynç alyş merkezleriniň hataryndadyr. «Nesil» iň uly merkezleriň biri bolup, onda her tapgyrda 1 müň çaga dynç alyp bilýär.

Ejekeýik KURBANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.