Nebitgaz toplumy — milli ykdysadyýetiň kuwwatly pudagy

5 Awgust 2024
199

Keremli topragymyzyň gymmatly tebigy baýlyklaryny halkymyzyň eşretli durmuşyny, bütin adamzadyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirmek Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ösdürilýän energetika strategiýasynyň esasy maksatlarydyr. Ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem uly orun eýeleýär. Nebitiň we gazyň baý gorlaryna eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ilkinji günlerinden bäri öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýup, energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna çykarylýan möçberlerini yzygiderli artdyrýar.

Uglewodorod baýlyklarynyň tassyklanylan gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna kybap gelýän energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň degişli meseleler boýunça abraýly halkara forumlaryň belent münberlerinden öňe süren oňyn başlangyçlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji hem-de 2013-nji ýyllarda kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnamalary bilen berkidildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda energiýanyň gymmat bolmadyk, ygtybarly, durnukly we döwrebap çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara ýardam etmegi göz öňünde tutýan başlangyçlary öňe sürdi.

«Watan».