Magtymguly Pyragy — şygryýet äleminiň ussady

5 Awgust 2024
124

Ýakynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäher häkimliginiň bilelikde gurnamagynda S. A. Nyýazow adyndaky Baýramaly şypahanasynda “Magtymguly Pyragy — şygryýet äleminiň ussady” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, ýaş lukmanlar gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Orazdurdy Abdyýew, şäher halk maslahatynyň başlygy Döwran Meretalyýew, şäheriň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Durdygylyç Baýramow, Baýramaly şäherindäki 3-nji orta mekdebiň mugallymy Akjagül Babakulyýewa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy Eziz Saparow çykyş etdiler. Çykyş edenler halkymyzyň umumymilli şahyry hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, olar ussat şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda Köpetdagyň eteginde beýikligi 60 metre ýetýän Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeli hem-de medeni seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylandygy barada aýtdylar.