Gök-önümler gaplananda säwliklere ýol bermäň!

2 Awgust 2024
273

Dürli miweleriňdir gök önümleriň ýetişýän döwründe gyş üçin işdäaçarlary, mürepbeleri, gaýnatmalary taýýarlaýan gelin-gyzlarymyza birnäçe maslahatlary beresimiz gelýär. Iýmit önümleri gaplananda arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmedik halatynda, dürli keselleriň döremegi mümkin. Botulizm iýmit zäherlenmesiniň arasynda iň agyr geçýäni hasaplanýar. Kesel dörediji mikrobedenler toprakda, suwda uzak wagtyň dowamynda daşyna örtük emele getirip ýaşamaga ukyply bolýar. Olar guşlaryň, ot iýýän we beýleki haýwanlaryň içegelerinde ýaşaýar hem-de daşky gurşawa täret arkaly düşýär. Botulizm keselini döredijiler toprak we suw arkaly ekin meýdanlarynda ýetişdirilýän gök önümlere hem aralaşýar. Arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmese, olar gök önümleriň üsti bilen gaplanýan çüýşeleriň içine hem düşüp bilýär. Keseli döredijiler howasyz, ýagny kislorodsyz şertlerde örtüginden çykyp, howply zäheri bölüp çykarmaga başlaýar. Ähli kesel döredijileriň zäherleriniň arasynda botulizmi döredijiniň bölüp çykarýan zäheri iň howplusy hasaplanýar. Ol iýmit önüminiň hilini we tagamyny üýtgedenok. Keseliň ilkinji alamatlarynyň ýüze çykmasynyň dowamlylygy adamyň bedenine düşen zäheriň mukdaryna bagly bolýar. Köplenç halatda ol, 6 — 24 sagadyň dowamynda ýüze çykýar.

Güljahan ANNANYÝAZOWA,
Aşgabat şäher çagalar hassahanasynyň maşgala bölüminiň lukmany.