Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols 2025-nji ýylyň milli saýlawlarynda ikinji möhlete dalaş etmäge taýýardygyny aýtdy. Ýöne ony Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasynyň (GSDP) resmi taýdan hödürlemegi esasy şert bolup durýar.
– Men ýene-de kanslerlige dalaş etmekçi – diýip, Olaf Şols Berlinde guralan metbugat ýygnagynda mälim edip, GSDP-niň örän agzybir partiýadygyny nygtady. – Biziň hemmämiz geljekki federal saýlaw kampaniýasyna gatnaşyp, ýeňiş gazanarys – diýip, Şols belledi.