30-njy iýulda mejlisiň binasynda Eýranyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň kasam kabul edişlik dabarasy geçirildi. Pezeşkian parlament wekilleriniň, Konstitusiýanyň goragçylar geňeşiniň agzalarynyň we kazyýetiň başlygynyň gatnaşmagynda kasam kabul etdi. Bu dabara 80-den gowrak ýurtdan ýokary derejeli myhmanlar, şol sanda, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Dabaraly çäre Yslam Respublikasynyň senasynyň ýaňlanmagy we musulmanlar üçin mukaddes kitap – Gurhan okalmagy bilen başlandy. Ilkinji söz Eýranyň içeri işler ministrliginiň başlygy Ahmad Wahidä berildi. Ol öz çykyşynda ýurt üçin täze şöhratly döwrüň başlanýandygyny mälim edip, «şu günki gün ähli eýranlylaryň jebisligini görkezýän gün» diýip belledi. Soňra kazyýetiň başlygy Golam Hosseýn Mohseni-Ejei ýygnananlara ýüzlenip, täze Prezidentiň öz halkyna hyzmat edip, ýurduň ösüşine goşant goşmalydygyny nygtady.