Me­de­ni­ýe­te we sun­ga­ta gol be­ren

2 Awgust 2024
92

Halkymyzda «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» ýa-da «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýen pähimler ýöne ýere aýdylmandyr. Bu ýagdaý hut Agamyradyň durmuşyna-da mahsus bolupdy.
Agamyrat Baltaýew bilen meniň tanyşlygym 1992-nji ýylda açylan Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolup geçipdi. Men şol ýyl institutyň «Drama teatrynyň režissýory» bölüminde gaýybana okap başlapdym. Şonda Agamyrat biziň toparymyzy «Köpçülik çärelerini guramak» sapagyndan okadýardy. Soňra men telewideniýäniň režissýorlygyndan «Türkmenfilm» birleşigine işe gelmeli bolupdym. Meniň wezipäme kino düşýän artistlere, kino düşürmek üçin rugsat alyp bermek hem girýärdi. Munuň üçin bolsa Medeniýet ministrligine ýüz tutmaly bolýardy. Bir gün hem ministrlikde teatrlara we tomaşa jaýlaryna jogap berýän bölümde, Agamyrada duşaýmanmy, görüp otursam ol şol bölümiň müdiri wezipesinde işleýän eken, şeýdip biz Agamyrat bilen kärdeş bolup gidiberdik. Şondan soň meniň kalbymda Agamyradyň täsin ykbaly barada okyjylar köpçüligine ýetirmek höwesi döredi.

Agamyradyň kakasy hünäri boýunça ýol gurluşykçy bolsa-da, aýdym-sazdan habarly bolupdyr, şygryýet, çeper sungat bilen meşgullanypdyr. Dessanlaryň ençemesini ýatdan bilip, suhangöýligi bilen toýlarda märekä hyzmat edipdir. Halka ruhubelentlik paýlan tebigy zehinli ynsan bolupdyr. Agamyradyň ejesi Altyn daýza dokuz ogul, bir gyz – on çagany dünýä inderip, olary watanperwer, zähmetsöýer, ilhalar nesiller edip terbiýelemek bilen bir hatarda, halk döredijilik eserleriniň mazmun hem-de ýerine ýetiriliş usullaryny çagalaryna öwredipdir. Perzentleriniň ählisiniň aýdym-saz, tans, folklor, drama sungatyndan habarly bolmagyny, perzentleriniň sungata ykbalyny baglamagyny gazanypdyr.