Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmakda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň pudaklarynda sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin zerur şertler döredilýär.
Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ilerletmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şu Maksatnamalar öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary önümçilige işjeň ornaşdyrmakda, ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin zerur şertleri döretmekde, giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde esasy gural bolup durýar. Ýurdumyzda tehnologiýalary we nou-haulary alyşmak, täze önümçilikleri döretmek işleri rowaçlanýar.