Söwda toplumynyň amatlyklary

31 Iýul 2024
129

Arkadag şäheriniň Söwda toplumynyň binasynyň tutýan meýdany 6573 inedördül metr bolup, onda toý-sadaka dabaralaryny geçirmek üçin 500 orunlyk «Arzuw» toý mekany, ilat üçin elýeterli, ýokary hilli hyzmat edýän market, hojalyga gerek bolan azyk, öý goşlary, egin-eşik we gurluşyk harytlary satylýan dükanlar hem-de naharhanalar bar. Şeýle-de baýramçylyk günlerine gabatlanyp ýörite göçme söwda nokatlaryny gurnamak işleri alnyp barylýar. Bu ýerde gözellik salony hem bar. Bu ady agzalan söwda nokatlary Arkadag şäheriniň ilatyna ýokary hilli hyzmatlaryny hödürläp gelýär.

Alan harytlaryndan göwni hoşal bolan ildeşlerimiz bu ýeriň satyjylaryna «söwdaňyz bolsun!» diýip, ýagşy dileg edip gitseler, satyjylar hem öz müşderilerine «noş bolsun!» ýa-da «nesip etsin!» diýip, päk ýüreklerinden çykýan sözlerini bagyşlaýarlar. Ýene bir aýratyn bellemeli zat müşderilere eltip bermek hyzmatyny amala aşyrmak üçin ýörite ulaglaryň bolmagydyr. Olar jemi üç görnüşli bolup, biri naharhanalarda taýýarlanan naharlary müşderilere gyzgynlygyna eltip bermek mümkinçiligi bilen tapawutlansa, beýlekisi ýörite sowadyjyly bolup, dürli içgileri sargyt edilen ýerine sowuklygy bilen eltip bermek üçin niýetlenen eken. Ýene biri bolsa ýük çekmäge niýetlenipdir. Elektromobil görnüşindäki bu ulaglar müşderileriň sargydyny tiz wagtda täzeligi we terligi bilen gowşurmakda amatlydyr.

Çaryberdi REJEBOW.
«Arkadag».