Bagtyýarlyk buýsanjy

31 Iýul 2024
146

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler oňyn netijelere beslenýär. Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabatda ýerleşýän gür bagly seýilgählerdir ýaşyl zolaklar paýtagtymyzyň kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbiniň möhüm düzüm bölegi bolmak bilen bir hatarda, arassa ekologiýa gurşawyny we sagdyn ýaşaýşy üpjün edýän zerurlyk bolup durýar.

Dowam edýän sapaly tomus paslynda paýtagtymyzyň çägindäki seýilgäh zolaklary ildeşlerimiziň iň bir gelim-gidimli ýerlerine öwrülýär. «Aşgabat», «Ylham», Arkadag, «Daşkent» ýaly, gurluş özboluşlylygy, gür baglyga beslenen ajaýyp keşbi bilen tapawutlanýan seýilgähler bolsa hemişe köp adamly. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle ajaýyp dynç alyş zolaklarynyň hatarynda gojaman Köpetdagy etekläp oturan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy hem goşuldy. Dana Pyragynyň äpet ýadygärlik heýkeli ýerleşdirilen bu künjek gysga wagtyň içinde diňe bir paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin däl, eýsem, ähli halkymyz üçin hem egsilmez ylham, buýsanç çeşmesine öwrüldi. Ýurdumyzyň dürli künjeginden bu ýeri synlamaga, lezzet we ruhy ylham almaga gelýänleriň sany hem günsaýyn artýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryndan, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan bina bolan bu özboluşly sungat eseri bagtyýar zamanamyzda halkymyzyň öz ussat aryf-akyldaryna goýýan belent hormat-sarpasynyň aýdyň nyşany bolup, äleme ýaň salýar.

Bahar HUDAÝBERDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.