Watansöýüjilik duýgusyny kämilleşdirýän eser

31 Iýul 2024
126

Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdan şöhratly taryhymyz, medeni-ruhy gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda möwç urýan watansöýüjilik duýgusyny kämilleşdirmekde möhüm orny eýeleýär. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geçmiş taryhymyzy, medeni mirasymyzy ylmy taýdan düýpli öwrenmek, dünýä ýaýmak, geljekki nesiller üçin aýawly saklamak babatda alyp barýan ägirt uly işlerinde mynasyp beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby hem bu ugurda nusgalyk işleriň biridir.

Giň okyjylar köpçüliginiň uly gyzyklanmasyna mynasyp bolan kitap gadymy Änew medeniýeti, bu ugurda toplanylan taryhy maglumatlar, şol sanda häzirki wagtda alnyp barylýan giň gerimli işler bilen ýakyndan tanyşdyrýar. Şunda taryhy ýazuw çeşmeleriniň, arheologiýa, etnografiýa, edebiýat, paleografiýa hem-de geografiýa ýaly ylymlaryň maglumatlarynyň täzeçe pikir-garaýyşlar, halk arasyndaky gadymy rowaýatlardyr tymsallar bilen sazlaşykly utgaşyklylykda beýan edilmegi aýratyn täsir galdyrýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şöhratly geçmiş taryhymyz baradaky çuňňur garaýyşlaryny, giň gözýetimini açyp görkezmek bilen, eseri okan her bir okyjynyň watansöýüjilik duýgusyny ösdürýär. Bu bolsa, öz nobatynda, röwşen geljegimize gönükdirilen ägirt uly taryhy tutumlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüji nesilleriň kemala gelmeginde eseriň iňňän möhüm ähmiýetini açyp görkezýär. Şeýle gymmatly eseri peşgeş berip, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny sarpalamagyň beýik nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, Watanyň abraý-mertebesini belende göterýän döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Döwletmyrat HAMADOW,
Bereket etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň kapitany.