Bagtyýarlygyň goýnunda

30 Iýul 2024
164

Şu günler Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde körpeleriň gülki sesleri has şadyýan eşidilýär. Çünki olar özleri üçin niýetlenen merkezlerde göwnejaý dynç alyp, bagtyýar çagalygyň hözirini görýärler. Şeýle dynç almak üçin ähli şertler döredilen dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň biri hem gözel Gökderäniň gujagynda ýerleşýän, Ahal welaýat häkimliginiň «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezidir. Merkezde bagtyýar çagalaryň ýüzlerçesi wagtyny şadyýanlykda geçirýär. Bu ýerde dynç alýan bagtyýar körpeleriň wagtlaryny juda gyzykly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler bar. Şeýle-de sungata höwesli çagalar üçin aýdym aýtmak, saz çalmak, surat çekmek we el işleri bilen meşgullanmak üçin ýörite gurnaklaryň hereket edýändigini bellemek gerek. Dynç alýan çagalar merkeziň kitaphanasynda özleri üçin niýetlenen kitaplarydyr beýleki neşirleri okap, bilimini artdyrýarlar. Biz merkezde alyp barýan işleri bilen gyzyklanyp, «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň başlygy Jemal BERDIÝEWA bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

— Biziň dynç alyş we sagaldyş merkezimizde çagalaryň birbada 300-siniň dynç almaga mümkinçiligi bar. Merkezimizde häzirki wagtda möwsümiň 3-nji tapgyry dowam edýär. Bu ýerde dynç alyp, wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalar merkeziň mugallymlarydyr terbiýeçileri we jogapkär işgärleri tarapyndan uly mähir bilen gurşalandyr. Merkezimizde dynç alýan çagalar üçin ýörite guralýan çäreler iş meýilnamalar esasynda alnyp barylýar. Tebigatyň bu gözel künjeginde guralýan dürli mazmunly çärelerdir bäsleşikler çagalaryň şadyýan dynç almaklaryna we wagtlaryny gyzykly geçirmeklerine oňaýly täsir edýär. Geçen tapgyrlarda bolşy ýaly, bu tapgyrda hem gyzykly çäreleriň birnäçesini guramagy maksat edinýäris.

Maýsa KYÝASOWA,
«Ahal durmuşy». Suratlarda: «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň durmuşyndan pursatlar.