Ak sözen

30 Iýul 2024
125

Obamyzda ilki gülleýän agaç — ak sözen. Onuň gülleri ötegçi guşlar ýaly üýtgeşik bolýar. Şonuň üçin biz heniz alabahar gelmänkä ak sözeniň töweregini tämizläp goýýarys. Obamyzyň ähli zady ak sözen bilen bagly. Obamyzdaky ähli guýularyň hem süňňi ak sözen bilen örtülen. Hol aňyrdan akjaryp görünýän utunam, birsyhly aýlanyp duran çarham, hatda çarhyň içinden geçýän basranam ak sözenden. Onuň bilen bagly başga-başga-da kän zatlar bar. Ak öýüň bosagasy hem ak sözenden. Tolpy ussanyň aýtmagyna görä, ak sözeniň köki on iki gulaja dagy ýetýärmiş. Onsoň daşlyrak golda bäş-alty sany sözen agajy oturan bolsa, şol ýeri gazsaň süýji suwuň üstünden bararsyň diýýärdi.

Tolpy ussa henize çenli ýalňyşanok. Ýalňyşmaýanynyň sebäbi ol obamyzda janly tebigatyň diline düşünýän ýeke-täk adam. Eger sen sähralarda ýaşajak bolsaň, eneň öwreden dilinden soň, sähralaryň dilini öwrenmeli. Henize çenli ony okap aňyrsyna çykan-a ýok. Geň galaýmaly ýeri, ak sözen agajynyň ömri paýawlanda-da Kybla tarap egilýär. Ýogsam Kybla tarap egiljek bolsa sährada gandym, çerkez, sazak ýaly başga-da agaçlar köp. Olar öz islän ýerlerine gyşarýarlar. Sözen agajy bolsa arkasyny namazarka öwrüp, ýüzüni Kybla bakdyrýar — edil namaza duran adam ýaly. Sözen agajynyň ýene bir täsinligi — ol hiç-haçan çat açmaýar. Şonuň ýaly hem onuň süňňüne çüý çüýläp bolmaýar.

Öwezmyrat ÝERBENDI,
ýazyjy.