Ýatda galyjy wakalara beslendi

30 Iýul 2024
237

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen duşuşyk guraldy. Bu ýerde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna myhmançylykda boldy. Daşary ýurtly myhman Köpetdagyň eteginde gurlan Gökderäniň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerini we gözel tebigatyny synlady. Türkmenistanly çagalaryň şeýle gözel künjekde dynç almaga mümkinçilikleriň döredilmegine tüýs ýürekden buýsanjyny beýan etdi. Soňra myhman «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezindäki şertler bilen ýakyndan tanyşdy we bu ýerde döredilen mümkinçiliklere ýokary baha berdi.

Merkeziň girelgesinde hormatly myhmany ertekiler dünýäsiniň gahrymanlary bolan Japbaklar garşy aldylar. Olaryň ajaýyp tanslary, gysgajyk sahnalary bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Şähribossan ÖWEZOWA,
«Mugallymlar gazeti».