Türkmen-täjik gatnaşyklary: umumy ösüşiň bähbidine mümkinçilikleri utgaşdyryp

30 Iýul 2024
201

Pars şygryýetiniň ussady, täjik edebiýatynyň düýbüni tutujy hasaplanýan Rudakyda: «Dünýä ummana meňzeýär. Ýüzmek isleýäňmi? Ýagşy amallardan gämi gur!» diýen jümle bar. Şu hakynda oýlananyňda, Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden ýyllarynda içeri we daşary syýasatda durmuşa geçiren beýik işleri bada-bat seriňe dolýar. Halkymyzyň häzirki eşretli durmuşynyň, Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki ýeten belent derejesiniň gözbaşynda Milli Liderimiziň irginsiz tagallalarynyň durandygy hemmä mälim hakykatdyr. Şol geçen ýyllarda hut hormatly Arkadagymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan baý syýasy tejribesi ýakyn-u-alysdaky ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň düýpgöter täze derejä çykarylmagynda kesgitleýji şert boldy. Bu iki ýurduň ýolbaşçylarynyň şahsy ynanyşykly gatnaşyklary, hoşniýetli erk-islegi esasynda üstünlikli ilerledilýän türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna-da mahsus aýratynlykdyr.

Halkara gatnaşyklaryň tejribesi geografik taýdan ýakynlygyň, taryhy, ruhy, medeni umumylyklaryň meňzeşliginiň döwletleriň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň ösüşine köp babatda oňyn täsirini ýetirýändigini subut edip gelýär. Şoňa görä, islendik iki halkyň birek-birege «Dostum», «Doganym» diýip ýüzlenmeginiň aňyrsynda-da uly many bar. Biziň ýurdumyzy goňşy Täjigistan Respublikasy bilen hem asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri tebigy hem ruhy taýdan ýakynlyk ýaly mizemez gymmatlyklary döwletara hyzmatdaşlygyň binýadynda goýup, Türkmenistan we Täjigistan özara hereketlerini barha pugtalandyrýarlar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».