Paýhas dürlerini toplan

30 Iýul 2024
192

Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly — geçmişimiz, şu günümiz we ertirimiz» diýip belleýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hazynasynda gyzykly maglumat gorlary bar. Kitaphanamyzyň «Seýrek neşirler» bölüminde Magtymgulynyň 1926-njy ýylda Aşgabat şäherinde çap edilip, okyjylara ýetirilen kitabynyň iki sanysy aýawly saklanýar.

Kitap barada şeýle maglumat-da bar: «Magtymguly — 250» (M.Öwezgeldiýewiň we A.Mülkamanowyň red.bilen. — A.: 1989. -376s.) «Magtymgulynyň goşgularynyň şu ýygyndysyna Bekgi Emirberdi diýen bir adam tarapyndan sözbaşy ýazylypdyr. Şol sözbaşyda neşiriň döreýiş taryhy we golýazma çeşmeleri barada käbir maglumatlar berlipdir. Onda: «Döwlet bilim şurasy... Berdi Kerbaba ogluna Magtymguly goşgularyny dürli ýazmalary seljerip toplamany tabşyrdy we birnäçe Magtymguly nusgalaryny tapyp berdi. Olaryň içinde belliräkleri: Seýitmyrat Öwezbaýyň — Hywa, Garaşhanyň — Çeleken ýazmasy, meniň Garrygala gol ýazmalarym bar» diýlip ýazylypdyr. Şundan görnüşi ýaly, «tekstologiýa öz ilki başlangyç etapynda ylmy prinsipleri praktiki ulanmak bilen ösüp gaýdypdyr» diýip, awtorlar belleýärler. Görşümiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysynyň kitap görnüşinde halka ýetirilmeginde ady agzalan şahsyýetleriň hyzmaty taryhyň gatlarynda şahyr bilen bilelikde öz ornuny tapypdyr. Magtymguly Pyragy barada ilkinjileriň hatarynda Berdi Kerbabaýew önjeýli işleýär. Onuň «Magtymguly we oňa bolan garaýyşlar» atly makalasy («Sowet Türkmenistany», 1940-njy ýyl, 14-15-nji iýun, №135-136) barada aýtsak, ol aşakdaky goşgy setirleri bilen başlanýar:

Oguljemal ORAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.