Ösüşiň hereketlendiriji güýji (Döwür we ýaşlar)

29 Iýul 2024
186

Watansöýüji, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, ylym-bilimli, sagdyn bedenli, ruhy hem ahlak taýdan arassa ýaşlar jemgyýetimiziň esasy sütünidir. Şoňa görä-de, ýaş nesliň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde uly tagallalaryň edilýändigini aýratyn bellemelidiris. Çünki bagtyýar geljegimiz şu günki ýaşlarymyz bilendir.

Ýaşlar jemgyýetiň gymmatly güýjüdir. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlary ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler, jemgyýetimiziň we raýatlarymyzyň abadançylygyny maksat edinýän jemgyýetçilik hem-de döwlet işlerine işjeň gatnaşýarlar. Bu wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň özeninde döwlet möçberinde ýaşlaryň goldanylmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalary, şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» durmak bilen, onuň üstünlikli amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna wajyp orun degişlidir.

Merdanaly ORAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň başlygy.