Gyzgyn howaly günleriň dowam edýän döwründe Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tebigatyň gözel ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek barada öz maslahatlary bilen ýüzlenip, şulary ýatladýar:
Tokaý seýilgählerinde baglaryň guran şahalaryny kesip aýryp, baglaryň aşaklaryna dökülýän guran pürlerinden yzygider arassalap, çäkden çykarmaly. Kebşirleme işlerini geçirmek üçin rugsady bolan hünärmenler işleriň geçirilmeli ýerlerini ot-çöplerden topraga çenli arassalap, uçgunlar dumly-duşa ýaýramaz ýaly, töwerekleýin oda durnukly diwary gurnap, ýangyn söndüriş serişdeleri bilen üpjün edip, işe girişmeli.