Şat çagalygyň höziri

29 Iýul 2024
118

Mary welaýatynyň gözel künjeginde, Murgap derýasynyň kenarynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlan «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde-de şu günler şatlyk-şowhun höküm sürýär. Bu ýerde dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda 300 çaga dynç alyp, saglygyny berkidýär, merkezdäki dürli gurnaklara gatnaşyp, dynç alşy wagtyhoşlukda, keýpiçaglykda geçirýär. Bagtyýar çagalaryň her bir gününi şadyýan, şowhunly geçirmekleri üçin bu ýerde ýörite iş meýilnamasyna laýyklykda, dürli dabaralar, aýdym-sazly şüweleňler, gyzykly gezelençler guralýar.

Dowam edýän üçünji tapgyrda şu merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalar Mary welaýat kitaphanasynda, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, «Bagtyýarlyk» seýilgähinde gezelençde bolmak bilen, wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Çagalar kitaphanada özlerini gyzyklandyrýan kitaplary okaýarlar, kitaphana işgärleriniň täsirli gürrüňlerini diňleýärler. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guralan gezelençde çagalar muzeýiň taryh, arheologiýa, etnografiýa, türkmen tebigaty bölümlerine aýlanyp, halkymyzyň geçmiş taryhy, gadymy ýadygärlikleri, gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan gadymy gymmatlyklar, sungat derejesine çykarylan senetçiligi, milli däp-dessurlary, daşymyzy gurşap alan gözel tebigatyň baý ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi bilen ýakyndan tanyşýarlar. Şeýle-de çagalar Mary şäherinde ýerleşýän «Bagtyýarlyk» seýilgähinde ýygy-ýygydan bolup, dürli oýunlary oýnaýarlar.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).