Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan gurmak, döretmek ýoluny belent mertebe bilen ýöredýär. Munuň şeýledigine biziň etrabymyzyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Obalarymyzda göwünleri galkyndyrýan täze-täze binalar, önümçilik desgalary gurulýar. Kaşaň ýaşaýyş jaýlary ilatyň abadan durmuşda ýaşamagyna hyzmat etse, medeni-durmuş maksatly ymaratlar olaryň ruhy dünýäsiniň barha baýlaşmagyna uly ýardam berýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda etrabymyzda gurluşyk-gurnama işleri has-da giň gerim alýar. Şanly ýylyň geçen 6 aýynda etrabymyzda döwletimiziň düýpli maýa goýumlarynyň 35,9 million manatlygy özleşdirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5 göterime golaý artykdyr.