Karýerasyndaky ilkinji ýeňşi

26 Iýul 2024
168

Formula 1 boýunça möwsümiň 13-nji ýaryşy Wengriýanyň Madiorod şäherindäki belli «Hungaroring » trassasynda geçirildi. 70 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda «McLaren » toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri pellehanany 1 sagat 38 minut 01,989 sekuntda geçmegi başaryp, ýeňiş gazandy. Bu onuň karýerasyndaky ilkinji ýeňşi bolup, 23 ýaşyndaky pilot bu birinjilik üçin 35 ýaryş garaşmaly boldy. Ýaryşda 2-nji ýeri Piastriniň britaniýaly topardaşy Lando Norris eýeledi. Ol 1-nji bolup bat alan ýaryşynda topardaşyndan 2,141 sekunt yza galdy. 3-nji orna başga bir britaniýaly sürüji, «Mercedes» toparynyň weteran piloty Lýuwis Hamilton mynasyp boldy. «Ferrari » toparynyň sürüjileri 4-nji hem-de 6-njy orny eýeläp, monakoly Şarl Lekler bilen ispaniýaly Karlos Saýns Junioryň arasyna «Red Bull» toparynyň niderland piloty Maks Werstappen girdi. Maks Werstappen soňky 3 möwsümiň dowamynda ilkinji gezek yzly- yzyna 3 ýaryşda ýeňiş gazanyp bilmedi. Oňa şu möwsümde 13 ýaryşyň 6-synda ýeňiş gazanmak başartmady. Wengriýa «Gran Prisinden » soň sürüjileriň sanawynda üýtgän zat bolmady. Sanawyň lideri Maks Werstappen ornuny goramagyny dowam edýär. Onuň 265 utugy bar. 2-nji ýerdäki Lando Norris 189, 3-nji orundaky Şarl Lekler 162 utuk toplady. Karlos Saýns Junior 154, Oskar Piastri 149 utuk bilen 4-5-nji orunlary eýeleýärler. Möwsümiň 14-nji ýaryşy 28-nji iýunda Belgiýada geçiriler. Şol «Gran Priden » soň F1-iň bäsleşiklerine 1 aý töweregi arakesme berler.