76-njy «Emmy» baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi

26 Iýul 2024
124

Telewideniýe dünýäsiniň iň abraýly baýraklaryndan bolan «Primetime Emmy » baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi. Telewideniýe akademiýasy (ATAS) tarapyndan yglan edilen 76-njy «Primetime Emmy » baýraklarynda FX-iň önümi bolan «Shogun » teleserialy 25 ugurdan dalaşgär görkezildi. FX-iň başga bir ekran eseri «The Bear » bolsa 23 ugurda dalaşgär diýlip bellendi. Bu serialyň bir möwsümde 23 ugurdan dalaşgär görkezilmegi «Emmy » baýraklarynyň komediýa ugry boýunça rekorda deň boldy. Umumylykda «Netflix »-iň önümleri 107 ugur boýunça «Emmy » baýraklarynyň dalaşgärligine hödürlendi. Köpleriň söýgüsini gazanan gara komediýa serialy «The Curse » ýeke ugurdanam dalaşgär görkezilmedi. «Only Murders in the Building » serialyndaky keşbi üçin komediýa seriallarynda iň gowy aktrisa baýragyna dalaşgär görkezilenleriň biri- de belli aktrisa, aýdymçy Selena Gomes boldy. Ol bu ugurda dalaşgär görkezilen asly latyn amerikaly 4-nji aktrisa hökmünde bellige alyndy. 76-njy «Emmy » baýraklarynyň ýeňijileri 16-njy sentýabrda Los Anjelesdäki «Peacock» teatrynda geçiriljek dabarada mälim ediler. Mundan 2 ýyl ozal 1-nji möwsümi ýaýlyma berlen «Güýç ýüzükleri » (The Rings of Power) serialynyň 2-nji möwsümi tomsuň iň soňky günlerinde tomaşaçylara ýetirilip başlanar. «Prime Video»-da görkeziljek serialyň 2-nji möwsümi- de 8 bölümden ybarat bolar. J.J. Tolkieniň meşhur «Ýüzükleriň hökümdary » eseriniň ýanamasy bolan serialyň 2-nji möwsüminiň ilkinji 3 bölümi 29-njy awgustda görkeziler. Galan bölümleriň bolsa 3-nji oktýabra çenli her hepde birisi ýaýlyma berler. Serialyň 4 bölümine Şarlott Brandstrom režissýorlyk edip, bu möwsümde otrisatel gahrymanlar öňe saýlanýar. Sauronyň Orta dünýäni özüne boýun etmek isleýşi täze möwsümiň iň esasy temasy bolup durýar. Režissýor Dewid Frankeliň surata düşüren «Şeýtan Prada geýýär » (The Devil Wears Prada) filminiň ikinjisiniň surata düşüriljekdigi habar berildi. Ilkinjisi 2006-njy ýylda ekranlaşdyrylyp, filmde Enn Heteweý, Meril Strip, Adrian Grenier, Emili Blant ýaly belli artistler esasy keşpleri janlandyrypdy. 35 million dollarlyk býujetli kino prokatlardan 326 million dollar toplapdy. Häzirki wagtda «Disney » studiýasy bilen 1-nji filmiň ssenariçisi Alin Broş MakKennanyň arasynda gepleşikler geçirilip başlandy. Täze filmde Meril Strip bilen Emili Blantyň ozalky keşplerinde surata düşjekdigi habar berlip, Enn Heteweýiň öňümizdäki günlerde keşbine dolanmaga razylyk bermegine garaşylýar. Täze filmde žurnalyň sanly görnüşde çykýan ulgamyň garşysynda çapdan çykýan nusgasynyň pese gaçyşy barada söhbet açylar. Filmiň režissýory hem-de haçan ekranlara çykaryljakdygy häzirlikçe belli däl. Oskarly aktrisa Jennifer Lawrensiň surata düşjek indiki filmi «Sen meni näme üçin söýeňok » (Why Don’t You Love Me?) atly kino bolar. Pol B. Raýnyň adybir çyzgy romany (komiksi) esasynda ekranlaşdyryljak komediýa görnüşli filmde Lawrens Kleýr atly zenanyň keşbini janlandyrar. Filmiň ssenarisini Robert Funk ýazar. Filmde Kleýr we onuň ýanýoldaşy Markyň bilelikdäki durmuşyny kynlyk bilenem bolsa dowam etdirmäge çalşyşy, maşgalanyň başdan geçirýän depressiýasy, pursatlary elden giderişi barada gara komediýa görnüşinde gürrüň berler. Filmiň režissýory öňümizdäki günlerde belli bolar. Iň gowy serial (drama) «Täç» (The Crown) — «Netflix »; «Follaut » (Fallout) — «Prime Video»; «Gyzyl çaýylan asyr» (The Gilded Age) — HBO; «Irdenki şou» (The Morning Show) — «Apple TV+»; «Jenap we hanym Smit» (Mr. & Mrs. Smith) — «Prime Video»; «Sýogun » (Shogun) — FX; «Ýuwaş atlar » (Slow Horses) — «Apple TV+»; «3 beden meselesi » (3 Body Problem) — «Netflix ». Iň gowy serial (komediý a) «Abbot başlangyç mekdebi » (Abbott Elementary) — ABC; «Aýy» (The Bear) — FX; «Öz entuziazmyňa eýe çyk» (Curb Your Enthusiasm) – HBO; «Hilegärler » (Hacks) — «Max»; «Binada diňe ganhorlar bar» (Only Murders in the Building) — «Hulu »; «Palm Roýal » (Palm Royale) — «Apple TV+»; «Rezerwasiýa itleri » (Reservation Dogs) — FX; «Biz kölegede näme edýäris » (What We Do in the Shadows) — FX. Iň gowy gysga göwrümli serial «Sugun gölesi » (Baby Reindeer) — «Netflix »; «Fargo » (Fargo) — FX; «Himiýa sapagy » (Lessons in Chemistry) — «Apple TV+»; «Ripli » (Ripley) — «Netflix »; «Hakyky aňtawçy: gijeki ýurt» (True Detective: Night Country) — HBO. Iň gowy aktý or (komediý a) Mett Berri — «Biz kölegede näme edýäris » (What We Do in the Shadows); Larri Dewid — «Öz entuziazmyňa eýe çyk» (Curb Your Enthusiasm); Stiw Martin — «Binada diňe ganhorlar bar» (Only Murders in the Building); Martin Şort — «Binada diňe ganhorlar bar» (Only Murders in the Building); Jeremi Allen Waýt — «Aýy» (The Bear); D’Farao Wun-A-Tai — «Rezerwasiýa itleri » (Reservation Dogs). Iň gowy aktrisa (komediý a) Kinta Brunson — «Abbot başlangyç mekdebi » (Abbott Elementary); Aýo Edebiri — «Aýy» (The Bear); Selena Gomes — «Binada diňe ganhorlar bar» (Only Murders in the Building); Maýa Rudolf — «Olja » (Loot); Jin Smart — «Hilegärler » (Hacks); Kristen Wiig — «Palm Roýal » (Palm Royale). Iň gowy aktý or (drama) Idris Elba — «Uçardaky howsala» (Hijack); Donald Glower — «Jenap we hanym Smit» (Mr. & Mrs. Smith); Wolton Goggins — «Folaut » (Fallout); Gari Oldman — «Haýal atlar » (Slow Horses); Hiroýuki Sanada — «Sýogun » (Shogun); Dominik West — «Täç» (The Crown). Iň gowy aktrisa (drama) Jennifer Aniston — «Irdenki şou» (The Morning Show); Karri Kun — «Gyzyl çaýylan asyr» (The Gilded Age); Maýa Erskin — «Jenap we hanym Smit» (Mr. & Mrs. Smith); Anna Sawai — «Sýogun » (Shogun); Imelda Staunton — «Täç» (The Crown); Riiz Wizerspun — «Irdenki şou» (The Morning Show). Iň gowy aktý or (gysga göwrümli seriallaR) Mett Bomer — «Fellow Travelers»; Riçard Gadd — «Sugun gölesi » (Baby Reindeer); Jon Hamm — «Fargo » (Fargo); Tom Hollander — «Feud: Capote vs. The Swans»; Andrýuw Skott — «Ripli » (Ripley). Iň gowy aktrisa (gysga göwrümli seriallaR) Jodi Foster — «Hakyky aňtawçy: gijeki ýurt» (True Detective: Night Country); Bri Larson — «Himiýa sapagy » (Lessons in Chemistry); Jun Templ — «Fargo » (Fargo); Sofiýa Wergara — «Griselda » (Griselda); Naomi Watts — «Feud: Capote vs. The Swans».