Döwürleriň ylham çeşmesi

26 Iýul 2024
136

Magtymguly Pyragynyň umman ýaly döredijiligi ynsan durmuşynda ýüze çykýan çylşyrymly meseleleriň çözgütlerini salgy berýändigi bilen, ähli döwürlerde öz ähmiýetini saklap gelýär. Şahyryň akyl-paýhasa, ýokary çeperçilige ýugrulan eserleri watansöýüjilige, belent adamkärçilige, ruhy päklige esaslanýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna beslän Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belent buýsançlaryň biridir.

Uzak ýyllaryň dowamynda dana Pyragynyň şygyrlary ençeme dillere terjime edilip, halklary dostlaşdyryp, doganlaşdyryp gelýär. Dünýäniň ençeme ýurdunda şahyryň heýkelleri dikildi. Häzirki wagtda bolsa beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, halkara ylmy maslahatlar, duşuşyklardyr dabaraly çäreler geçirilýär.

Handurdy GURBANOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.