«Ak derýanyň» gawuny

23 Iýul 2024
543

Köneürgenç etrabynyň «Akderýa» daýhan birleşiginiň bakjaçy kärendeçisi Babamyrat Ýuldaşow hem ata-baba bakjaçylyk kesp-kärini dowam etdirýär. Ýakynda biz bu bakjaçy kärendeçi bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol gawuny ösdürip ýetişdirmek barada şeýle gürrüň berdi:

— Bakja ekini bolan gawuny ösdürip ýetişdirmek ata-baba kesp- kärlerimiziň biri. Maşgala agzalarym bilen bilelikde ençeme ýyllardan bäri 1 gektar ýerde gawunyň birnäçe görnüşini ösdürip ýetişdirýärin. Şu ýyl gawunyň gök gürbek, gökje, igde ýaprak, garrygyz ýaly görnüşlerini ekdik. Gawun ekişini maý aýynda geçirdim. Otag, suw tutmak, zyýankeşlerden goramak ýaly, agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirdik. Gawunly atyzlara suw tutulanda, aýratyn ähmiýet bermeli. Howanyň gelşine görä, her on günden tä gawunlar torlap başlaýança suw tutulýar. Munuň özi gawunlaryň tagamynyň datly bolmagyna mümkinçilik berýär. Ähli ideg işlerinde maşgalam Zulfiýa Halmyradowa, gyzym Aziza ýakyndan ýardam berýärler.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.