Giň meýdanda zähmet joşýar

23 Iýul 2024
515

Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gowaça ideg etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ýurdumyzda ekin ekilýän meýdanlaryň agramly bölegini tutýan gowaça meýdanlarynda «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek kärendeçi daýhanlaryň irginsiz çekýän zähmetine, başarjaňlygyna, tejribesine bagly. Bu ugurda baý tejribe toplan daýhanlar Mary welaýatynda-da az däl. Şolaryň biri-de, Baýramaly etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hudaýberdi Akmyradow. Ol özüne berkidilen 12 gektara golaý kärende ýerinde orta süýümli gowaçanyň «Ýolöten–7» sortuny ösdürip ýetişdirýär. Daýhan yhlasy bilen giň meýdanda gunçalap, gülläp, bir çetinden gozalap başlan gowaçalara ser salanyňda, bu ýerlerden bol hasylyň öndüriljekdigine bolan ynamyň artýar.

— Şu günler gowaça meýdanlaryna agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, iýmitlendirmek bilen bir hatarda bu ekiniň zyýankeşlerine garşy bioserişdeleri hem peýdalanýarys. Ylaýta-da, biokärhanalarda öndürilýän altyngözlüjeleriň bu babatdaky ähmiýeti has-da uly. Şoňa görä-de, şu ýyl gowaçanyň her gektaryndan 45 sentner hasyl almagy maksat edinýäris. Biz, daýhanlara abadan durmuşda erkana ýaşamaga, yhlasly işlemäge, sahawatly toprakdan bol hasyl öndürmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys — diýip, tejribeli daýhan Hudaýberdi Akmyradow buýsanjyny beýan edýär.

Muhammet GARAÝEW.
Surata düşüren awtor.